Turkmenportal logo
Şu gün 09:45
34453445
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Belarusda neýrotora guşlaryň sesini tanamagy öwretdiler
Surat: tvbrics.com

Belarusyň Milli Ylymlar akademiýasynyň habarlar meseleleri boýunça birleşen institutynyň işgärleri neýrotora guşlaryň seslerini tanamagy öwretdiler. Bu barada ýurduň «tvbrics.com» internet neşiri habar berdi.

Neýrotor müňlerçe ses ýazgylaryny öwrendi, munuň üçin Belarussiýada ýaşaýan tokaý guşlarynyň 116-synyň 2,3 müň ses ýazgysy ulanyldy. Olary iki sekuntlyk parçalara bölüp, özboluşly «ses barmak yzlaryna» öwürdiler.

Ykjam goşundyny döretmäge bäş ýyl sarp edildi, ilkinji iki ýylda guşlaryň ses ýazgylary toplanyldy. Häzirki wagtda ulanyjy guşlaryň saýramasyny diňläp, soňra ýörite düwme arkaly onuň haýsy guşa degişlidigini anyklap bilýär.

Täze ulgamy işläp düzüjiler onuň maglumat gorunyň üstüni ýetirmekçi bolýarlar, bu bolsa algoritme guşlaryň has köp görnüşlerini tanamaga mümkinçilik berer.