Turkmenportal logo
Şu gün 08:49
31073107
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň ýolbaşçylaryny Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa, Premýer-ministri Narendra Modä hem-de ýurduň ähli halkyna Hindistan Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

«Biz Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyga ýokary baha berýäris. Häzirki wagtda döwletara gatnaşyklarymyz dürli ugurlar boýunça ösdürilýär we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Biz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdürilmegini goldaýarys» diýip, döwlet Baştutany gutlag hatynda belleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministr Narendra Modä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Hindistan Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.