Turkmenportal logo
Düýn 22:35
64926492
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Arkadag şäherinde toý sadakasy berildi

Şu gün Arkadag şäherinde toý sadakasy berildi. Ol şäheriň täze metjidini «Arkadagyň ruhy metjidi» diýip atlandyrmak baradaky şahadatnamanyň gowşurylmagyna bagyşlandy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Arkadag şäherindäki «Märkaw» medeni-dynç alyş merkezindäki berilýän toý sadakasyna gelenler bu ýerde goýlan şäheriň täze metjidini «Arkadagyň ruhy metjidi» diýip atlandyrmak baradaky şahadatnamany ýüzlerine syldylar. Mälim bolşy ýaly, 13-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Onuň dowamynda türkmen halkynyň Milli Liderine Arkadag şäherinde bina edilýän, 30 müň adama niýetlenen metjidi tutuş halkdan gelip gowşan teklipler nazara alnyp, «Arkadagyň ruhy metjidi» diýip atlandyrmak baradaky çözgüdiň kabul edilendigi we onuň ýurduň Adalat ministrligi tarapyndan hasaba alnyp, degişli derejede resmileşdirilendigi baradaky hoş habary ýetirildi.

Soňra sadakada Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy. Tebärekden soň, sadaka gatnaşyjylara dürli milli tagamlar hödür edildi. Duz-tagam dadylandan soňra, aýat-töwir okalyp, ýagşy dilegler edildi. Soňra sadaka gatnaşan ýaşulylar Gökdepe metjidinde sogaply juma namazyny okadylar.