Aşgabat şäheriniň «Arçabil» myhmanhanasynda 11–13-nji awgust aralygynda geçirilen strategik harytlary kesgitlemek boýunça okuw seminary tamamlandy.
Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Söwda ministrliginiň, Goranmak ministrliginiň we Içeri işler ministrliginiň işgärleri gatnaşdylar.
Okuwyň esasy maksady himiki, biologik, ýadro we radioaktiw materiallaryň, ýöriteleşdirilen enjamlaryň (Garmonizirlenen ulgamyň 84-nji, 85-nji we 90-njy baplary), şeýle hem adaty harby önümleriň Garmonizirlenen ulgamyň kodlaryna laýyklykda has takyk toparlara bölünişini we kesgitlenişini kämilleşdirmekden ybarat boldy. Bu barada Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň saýty habar berýär.
Okuwyň dowamynda gatnaşyjylar Sloweniýadan, Beýik Britaniýadan we Litwadan gelen öňdebaryjy hünärmenleriň ýolbaşçylygynda giňişleýin nazary we amaly taýýarlyk geçdiler.
Çäre Ýewropa Bileleşiginiň P2P maksatnamasynyň çäklerinde Germaniýanyň Ykdysadyýet we eksport gözegçiligi boýunça Federal edarasy (BAFA) tarapyndan guraldy.