Turkmenportal logo
Şu gün 16:46
40004000
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
20-nji awgustda «Ahalyň» AFK-nyň Çagyryş ligasyndaky toparçalaýyn tapgyrdaky garşydaşlary belli bolar

20-nji awgustda geçiriljek bije çekişlik dabarasynda Türkmenistanyň «Ahal» futbol klubynyň 2026/27-nji ýylyň möwsüminde AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndaky garşydaşlary belli bolar. Bije çekişlik Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherindäki AFK-nyň merkezinde Aşgabat wagty bilen sagat 18:00-da geçiriler.

Ýaryşa gatnaşýan klublar jemi bäş toparça bölüner. Her toparçada dört klub bolar: üç toparça Günbatar zolagyna, iki toparça bolsa Gündogar zolagyna degişli bolar. Toparçalaýyn tapgyr 2026-njy ýylyň 17-24-nji oktýabry aralygynda bitewi merkezleşdirilen bir aýlawly bäsleşik görnüşinde geçiriler.

Toparçalaýyn ýaryşlary kabul etjek şäherler hem eýýäm kesgitlendi. Olar Kuweýtiň «Al-Kadisiýa», Täjigistanyň «Istiklol», Butanyň «Paro», Indoneziýanyň «Borneo Samarinda» we Mýanmanyň «Şan Ýunaýted» klublarynyň şäherleri bolar.

«Ahal» öňümizdäki bije çekişlikde Kuweýtiň «Al-Arabi» we Hindistanyň «Goa» toparlary bilen birlikde birinji sebetde ýerleşdiriler. Ikinji sebetde «Al-Kadisiýa», şeýle hem Liwanyň «Al-Ansar» we «Nijme» toparlary bar. Üçünji sebetde Täjigistanyň «Istiklol», Bangladeşiň «Fortis» we Siriýanyň Halap şäheriniň «Al-Ittihad Ahli» toparlary ýerleşýär. Dördünji sebedi bolsa Butanyň «Paro», Täjigistanyň «Regar-TadAZ» we Siriýanyň «Homs Al-Fidaa» toparlary düzýär.

Toparçalaýyn tapgyr tamamlanandan soň ýaryş pleý-off tapgyrynda dowam eder. Çärýek final duşuşyklary 2027-nji ýylyň 3-18-nji mart, ýarym final duşuşyklary bolsa 7-15-nji aprel aralygynda geçiriler. Iki tapgyrda-da toparlar öz meýdançasynda we garşydaşyň meýdançasynda oýnamak bilen iki duşuşyk geçirerler. Ýaryşyň final duşuşygy 2027-nji ýylyň 8-nji maýyna meýilleşdirilýär.