ABŞ-nyň ýaşaýjysy Jorni Uiwer sekiz aý uýasynyň öýündäki egin-eşik salynýan şkafda ýatyp-turdy, doly iş gününde zähmet çekdi hem-de ähli ýygnan puluny harçlaman gününi gördi. Ol şeýle etmek bilen, Northwest Arkansas Community College okuw jaýynda birinji semestr üçin tölegi toplady. Ol şeýle edip, tölegi doly ýapandygyny gürrüň berdi. Bu barada «People» neşirine salgylanýan «MIR 24» gürrüň berýär.
Sekiz ýaşyndaka ejesi aradan çykan Jorni uly maşgalaly garyndaşlarynyň öýünde ýaşady, maşgalada ondan başga-da ýedi çaga bardy. Pul ýetmeýärdi, egin-eşikdir iýmit umumydy, 16 ýaşaýança gyzyň özbaşyna ýatalasy-da ýokdy. Soňra ol dört ýyllap jorasynyň öýünde ýaşady, emma 20 ýaşynda öýsüz galyp, öz durmuşyny özgertmek kararyna geldi. Ol uýasynyň bilim alan hünärinde okamak kararyna geldi, şeýle etmek bilen garyplykdan çykasy hem-de maliýe taýdan garaşsyz bolasy gelýärdi.
Jorni uýasynyňka göçüp baransoň, guş etini gaýtadan işleýän kärhananyň hil gözegçiligi bölümine işe girdi we sagatda 17 dollar töweregi hak aldy, puly diňe zerur zat üçin sowmak maksady bilen şkafda ýaşady. Şu döwürde Uiwer iki müň dollara ulanylan awtoulag satyn aldy, müň dollardan gowrak bergisini üzlüşdi hem-de birinji smestriň tölegi üçin pul toplady. Häzir ol öz hususy öýünde ýaşaýar, hepdede 40 sagatdan kän işleýär hem-de okaýar. Ol kolleji tamamlandan soňra bergili bolmazlyk üçin talyp karzlaryny almakdan saklanýar.
Gyz öz maliýe ýoly barada sosial torlarda gürrüň berýär, maşgalada ilkinji bolup ýokary bilim almakçy bolýan beýleki talyplary ruhy taýdan goldamaga çalyşýar. Gyzyň sözlerine görä, ol maşgalasynda nesillerdir dowam edýän garyplygyň soňuna çykmak isleýär, şonuň üçin kä halatda çynlakaý pidalara taýýar bolmalydygyny nygtaýar.