Turkmenportal logo
Düýn 15:46
1100811008
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Microsoft» korporasiýasy Windows ulgamyndaky 400-den gowrak ýalňyşy düzedip, OS-y gyssagly täzelemäge çagyrdy
Surat: mir24.tv

«Microsoft» korporasiýasy Windows iş ulgamlaryndaky 400-den gowrak ýalňyşy hem-de gowşaklygy düzedip, giň göwrümli howpsuzlyk täzelenmesini işe goýberdi. Täze apdeýk her aýda kompaniýanyň düzedişler bukjasyny çap edýän «Patçlaryň sişenbesinde» - awgustyň ikinji sişenbesinde çykdy.

«Microsoft» ulanyjylary Windows 11 (25H2, 24H2, 23H2 wersiýalary), Windows 10, şeýle-de Office, Exchange, Azure we SharePoint serwislerinde hasaba alnan gowşaklyklary düzedýän täzelenmäni gyssagly ornaşdyrmaga çagyrdy.

«Action1» -iň hünärmenleri ýok edilen breşleriň biriniň hakerlere eýesini gapyl goýup, kompýutere doly gözegçilik etmäge mümkinçilik berýändigini habar berdiler. Täzelenmäni ornaşdyrmak üçin ulanyjylara «Ölçegler» → «Windows täzelenmeler merkezini» açyp, täzelenmäni ornaşdyrmaga gyssagly başlamak gerek diýip, «ZDNet» habar berdi.

«Microsoft» korporasiýasy Windows ulgamyndaky 400-den gowrak ýalňyşy düzedip, OS-y gyssagly täzelemäge çagyrdy | Turkmenportal.com