Turkmenportal logo
Şu gün 14:58
28742874
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hawi Niderlandlaryň futbol boýunça ýygyndysyna baş tälimçi boldy

2010-njy ýylda futbolçy hökmünde dünýä çempiony bolan ispaniýaly hünärmen Hawi Niderlandlaryň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada Niderlandlaryň Korollyk futbol birleşiginiň metbugat gullugy habar berdi.

Tälimçi bilen baglaşylan şertnama 2030-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň ahyryna çenli hereket eder.

Hawi bu wezipede 2023-nji ýylyň aprelinden bäri milli ýygynda ýolbaşçylyk edip gelen Ronald Kumanyň ornuna geçdi. Kuman Niderlandlaryň ýygyndysynyň 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň 1/16 final tapgyrynda ýeňilmeginden soň wezipesinden çekildi. Kumanyň ýolbaşçylygynda Niderlandlaryň milli ýygyndysy 2024-nji ýyldaky Ýewropa çempionatynyň ýarym finalyna çykypdy.

Hawi 46 ýaşynda. Onuň soňky işlän ýeri Ispaniýanyň «Barselona» kluby boldy. Ol 2021-nji ýylyň noýabryndan 2024-nji ýylyň maýyna çenli bu kluba tälimçilik etdi. Hawiniň ýolbaşçylygynda «Barselona» 2023-nji ýylda Ispaniýanyň çempiony boldy we ýurduň Superkubogyny gazandy. 2019–2021-nji ýyllarda hünärmen Kataryň «Al-Sadd» klubyna ýolbaşçylyk etdi.

Hawi «Barselonanyň» futbol mekdebiniň uçurymy bolup, 1998–2015-nji ýyllarda klubyň esasy toparynda çykyş etdi. Ol klub bilen Ispaniýanyň çempionatynda sekiz gezek ýeňiji boldy, Ispaniýanyň Kubogyny üç gezek we Çempionlar ligasyny dört gezek gazandy. Umuman, Hawiniň «Barselonanyň» düzüminde geçiren oýunlarynyň sany 767 bolup, ol bu duşuşyklarda 85 gol geçirdi we 185 netijeli pas berdi.

Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Hawi dünýä çempiony (2010) we iki gezek Ýewropa çempiony (2008, 2012) boldy. Şeýle hem ol 2000-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyna mynasyp boldy.