Turkmenportal logo
Şu gün 14:54
51695169
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ronaldu saçyny çypar reňke öwürdi

Portugaliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu model Jorjina Rodriges bilen toýundan soň saçyny çypar reňke boýady.

«Altyn top» baýragynyň bäş gezek eýesi bolan Ronaldu penşenbe güni sosial ulgamdaky sahypasynda saçynyň täze reňkdäki fotosuraty bilen paýlaşdy.

Ronaldu sişenbe güni Rodriges bilen durmuş gurdy. Futbolçy mundan öň žurnalist Pirs Morgana beren interwýusynda toýunyň 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatyndan soň we Saud Arabystanynyň çempionatynyň täze möwsümi başlanmazdan öň geçiriljekdigini aýdypdy. Şeýle hem Rodriges uly dabaralary halamaýandygy sebäpli, toýuň ýapyk görnüşde geçiriljekdigini belläpdi.

Ronaldu 41 ýaşynda, Rodriges bolsa 32 ýaşynda. Futbolçy söýgülisine 2025-nji ýylyň awgust aýynda durmuş gurmak teklibini edipdi. Olar 2016-njy ýyldan bäri gatnaşykda. Jübütiň iki sany umumy çagasy bar — Alana Martina (2017-nji ýylyň noýabrynda doglan) we Bella Esmeralda (2022-nji ýylyň aprelinde doglan). Şeýle hem olar başga eneler tarapyndan doglan üç çagany — Kriştianu Ronaldu Jr. (2010-njy ýylda doglan) we ekizler Mateo bilen Ewa (2017-nji ýylda doglan) atly çagalary terbiýeleýärler.