Horwatiýanyň futbol boýunça ýygyndysynyň öňki baş tälimçisi Zlatko Daliç Birleşen Arap Emirlikleriniň milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk eder. Bu barada Birleşen Arap Emirlikleriň WAM agentligi habar berýär.
«BAE-niň futbol federasiýasy horwatiýaly tälimçi Zlatko Daliç bilen şertnama baglaşylandygyny habar berdi. Ol milli ýygyndynyň baş tälimçisi wezipesinde rumyniýaly hünärmen Kosmin Olaroýunyň ornuna geçer» — diýlip, agentligiň habarynda aýdylýar.
Berilýän habara görä, Daliç Birleşen Arap Emirlikleriň futbolyny gowy bilýär. Ol 2014–2017-nji ýyllarda ýurduň iň köp kubok gazanan kluby «Al-Aýn» toparyna tälimçilik edipdi.
Daliç Horwatiýanyň milli ýygyndysyndan toparyň 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatyndan çykmagyndan soň aýryldy. Horwatlar 1/16 final tapgyrynda Portugaliýanyň milli ýygyndysyndan 1:2 hasabynda ýeňildi.