Turkmenportal logo
Düýn 14:40
82168216
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kennedileriň kiçisi Rubio duzlanan kelem berhizini maslahat berdi
Surat: gazeta.ru

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio syýasy işjeň zenan Keti Milleriň podkastynda ýurduň saglygy goraýyş ministri Robert Kennedileriň kiçisiniň duzlanan kelemli berhize geçmek boýunça maslahatyny kabul etmändigini gürrüň berdi.

«Ol (Kennedileriň kiçisi — «Türkmenportal») ýany içi duzlanan kelemden doldurylan sowadyjyly syýahat etmeli bolýar... Men ýanym duzlanan kelemli sowadyjyly dünýäni gezesim gelenok. Bu gülkünç. Men muny başarmaryn» diýip, Rubio pikirini paýlaşdy.

«Daily BS» neşiri öň kiçi Kennediniň milleti basyrylan azyk önümleri arkaly sagdynlaşdyrmak pikirine pugta eýerýändigini, şonuň üçin saparlara gidende, ýanyňda göterilýän sowadyjylary duzlanan kelemden doldurýandygyny ýazypdy.