Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Koreýa Respublikasynyň Katardaky ilçisi Hon Jipio bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Katardaky ilçihanasy habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, türkmen diplomaty koreýaly kärdeşine Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan halkara çäreler barada maglumat berdi.
Mundan başga-da, ilçiler iki ýurduň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy we ynsanperwer gatnaşyklary berkitmek meselelerini maslahatlaşdylar.