Turkmenportal logo
Düýn 11:07
86788678
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Abhaziýada ýyldyrymdan onlarça şäherdir oba yşyksyz galdy
Surat: ria.ru

Abhaziýada Gagra we Pisunda syýahatçylyk merkezlerini hem goşmak bilen, birgiden obalardyr şäherler ýokary woltly geçiriji elektrik liniýasyna ýyldyrym uruň yşyksyz galdy. Bu barada «Çernomorenergo» kompaniýasynyň metbugat gullugyna salgylanýan «ria.ru» habar berdi.

Gagra etrabynyň düzümine Gagra we Pisunda şypahana şäherleri, şeýle hem 10-dan gowrak obadyr ilatly ýerler girýär. Elektrik üpjünçiligi bozulan beýleki Gudauta etrabynda bolsa, Gudauta, Täze Afon atly meşhur syýahatçlyk merkezleri we 20 sany uly oba bar.

Ýörite iş toparlarynyň ýaramaz howanyň netijelerini aradan aýyrmaga girişendikleri habar berilýär.