Lebap welaýatynda azyk senagatynda ýokary ösüş görkezijiler gazanylýar. 2026-njy ýylyň geçen ýedi aýynda ýarma önümçiligi 14 müň 741 tonnadan 17 müň 484 tonna ýetip, 2 müň 743 tonna ýa-da 18,6 göterim köpeldi. Şeýlelikde bu ugur ýedi aýyň dowamynda azyk senagatyndaky iň ýokary ösüş depginleriniň birini görkezdi.
Un önümçiligi hem aýratyn bellenilmäge mynasyp. Hasabat döwründe welaýatda 66,1 müň tonna un öndürildi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 8,7 müň tonna ýa-da 15,2 göterim köpdür. Şeýle hem unaş önümleriniň öndürilişi 1,2 göterim ýokarlandy. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.