Gyrgyzystanyň turizm operatorlary assosiasiýasynyň dolandyryjylar edarasynyň agzasy Sergeý Gluhowerow sosial torda bir oglanjygyň gujagynda göterip duran äpet ýagyş kömeleginiň suratyny paýlaşdy. Onuň sözlerine görä, bu ullakan kömelegi Naryn etrabynyň Son-Kul daglyk kölüniň ýanyndaky ak öýli syýahatçylyk bazasynda işleýän dosty surata düşüripdir.
Suratda şekillendirilen ýagyş kömeleginiň bäş kilograma golaý agramy bolup, onuň bilen tutuş maşgalany birnäçe günläp naharlasa boljak. Onsoňam ol diňe süýji bolman, peýdaly hem.
Ýeri gelende aýtsak, Ginnesiň ýagyş kömelegi (Calvatia gigantea) ugry boýunça rekordynda hasaba alnan kömelegiň 22 kilogram agramy bolup, telpeginiň uzynlygy 2,64 metre ýetýär. Ony kanadaly Žan-Gýui Rişar 1987-nji ýylda Monrealda tapypdyr. Ol taryhda iň ullakan iýilýän kömelek hökmünde Ginnesiň kitabyna girizildi.