Turkmenportal logo
Şu gün 10:15
23892389
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenbaşy we Alýat Halkara deňiz portlarynda bilelikdäki amaly okuw geçirildi 

11 — 13-nji awgust aralygynda Türkmenbaşy we Alýat Halkara deňiz portlarynda deňiz gatnawlarynda maglumat alyşmak boýunça bilelikdäki amaly okuw çäresi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Täjigistanyň Port gözegçilik toparlarynyň agzalary gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.

Çäräni Bütindünýä Gümrük Guramasynyň bilermenleri alyp bardylar. Okuw Hazar deňzinde halkara ýük dolanyşygyny ösdürmek, deňiz gatnawlarynda harytlaryň bikanun dolanyşygynyň öňüni almak bilen töwekgelçiligi azaltmak, Port gözegçilik topar agzalarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak we maglumat alyşmak boýunça tejribelerini artdyrmak, Türkmenbaşy hem-de Alýat Halkara deňiz portlarynyň özara gatnaşyklaryny ösdürmek maksatlaryna gönükdirildi.

Bu çäre 11-nji awgustda türkmen tarapynda başlap, soňra Hazar deňizinde gäminiň üstünde dowam etmek bilen 13-nji awgustda Azerbaýjanyň Alýat deňiz portunda tamamlandy. Okuw türgenleşigine gatnaşyjylar Türkmenbaşy — Alýat, Alýat — Türkmenbaşy ugurlary boýunça deňiz gämilerinde daşalýan ýükleriň sanawlaryny we haryt ulag resminamalaryny seljermek, şeýle hem ulag serişdeleriň hem-de ýükleriň gümrük barlagyny geçirmek ýaly amallary bilelikde geçirip, özara tejribe alyşdylar.

Okuwy Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň we Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (WCO) ýolagçylara we ýüklere gözegçilik etmek boýunça Ählumumy maksatnamasynyň çäginde UNODC-niň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasy gurady.