Ak tamyň metbugat sekretary Kerolaýn Lewitt awgustyň aýagynda wezipesinden gider. Bu barada ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Truth Social» torunda habar berdi. Ol: «Ak tamyň ajaýyp metbugat sekretary, meniň iň ynamly kömekçilerimiň biri Kerolaýn Liwitt aýyň ahyrynda wezipesini goýar» diýip ýazdy.
Amerikan lideriniň sözlerine görä, Lewitt muny ajaýyp maşgalasy, çagalary bilen wagtyny köpräk geçirmek üçin edýär. Ol Lewitte doly düşünýändigini hem-de gelen kararyna hormat goýýandygyny nygtady. Tramp şeýle hem Lewittiň özüniň daşary syýasat boýunça esasy geňeşçileriniň biri boljakdygyny habar berdi.
Tramp bitiren işi üçin Lewitte hoşallyk bildirip, oňa Ak tamyň iň gowy metbugat sekretarlarynyň biri hökmünde baha berdi.
«Ria.ru» neşiri dürli çaklamalar ýerleşdirilýän internet saýtyna salgylanyp, bu wezipä Lewittiň häzirki orunbasary Anna Kelliniň saýlanmak mümkinçiliginiň 30 göterimdigi barada ýazýar. Ikinji orunda 29 göterim çaklama bilen öňki hukukçy hem-de Trampyň öňki aklawçysy Alina Habba ýerleşdi.