Şu günler «Arkadag» futbol topary öňde boljak jogapkärli ýaryşlara taýýarlyk görýär. Mälim bolşy ýaly, «Arkadag» topary Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda ynamly ýeňiş gazandy. Şol bir wagtyň özünde, bu toparyň AFK-nyň Çagyryş ligasynyň we Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň çempiony diýen derejä mynasyp bolandygyny bellemek gerek.
TDH-de habar berlişi ýaly, düýn Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow AFK-nyň «Çempionlar ligasy-2» bäsleşiginiň toparçalaýyn tapgyrynda ynamly ýeňiş gazanan futbol toparynyň türgenlerini gutlady. Şeýle hem ol toparyň türgenlerine Gahryman Arkadagyň salamyny we armasyny ýetirdi.
Häzirki döwürde «Arkadag» topary halkara ýaryşlarda şowly çykyş edip, ynamly ýeňişleri gazanýar. Şeýle-de şu ýyl futbol toparlarynyň arasynda üstünlikli çykyş edýän «Ahal» futbol topary hem Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş etmek mümkinçiligine eýe boldy.