«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemekde we nebit önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmekde uly netije gazanyldy. Dünýäde islegli harytlaryň biri bolan polipropilen hem hut şu önümçilik toplumynda öndürilýär.
Önümçilik kuwwatlylygy ýylda 90 müň tonna polipropilen öndürmäge mümkinçiligi bolan bu desgada oturdylan tilsimatlardyr enjamlaryň ählisi dünýä ülňülerine doly laýyk gelýär.
Zawodda bir günüň dowamynda 300 tonna polipropilen zireleri öndürilip, 25 kilogramlyk haltalara gaplanylýar. 2026-njy ýylyň geçen hasabat döwründe bu ýerde polipropileniň 36 müň 800 tonnasy öndürildi. Bu görkeziji meýilnamanyň 102,4 göterim ýerine ýetirilendigini görkezýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.