Turkmenportal logo
Düýn 23:28
61936193
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Arkadagyň ruhy metjidiniň» ýanynda gurulýan medrese ýokary okuw mekdebiniň derejesine eýe bolar

«Arkadagyň ruhy metjidiniň» ýanynda gurulýan medrese ýokary okuw mekdebiniň derejesine eýe bolar. Bu baradaky degişli teklip şu gün Arkadag şäherinde geçirilen iş maslahatynyň dowamynda din wekili Ý.Hojagulyýew tarapyndan beýan edildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, munuň özi medresede öwrediljek ylmyň yslam dünýäsine kybap gelmeginde, ýaşlaryň asylly ýörelgeleri mynasyp derejede dowam etmeginde ähmiýetli bolar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hajy Arkadag teklibi oňlap, dünýäniň dürli ýurtlarynda şunuň ýaly ýokary okuw mekdepleriniň hereket edýändigini belledi we Arkadag şäherinde gurulýan bu okuwyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, onda öwredilýän sapaklary özleşdirmekde dünýä tejribesinden ugur alynmalydygy babatda öwüt-ündewlerini berdi. Hajy Arkadag bu ugur boýunça alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek ony halkara görkezijilerine laýyk derejede alyp barmak maksady bilen ýurduň müftüsiniň müdiriýetiniň agzalary bilen maslahatlaşmagyň, olar bilen sazlaşykly tagalla edilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Şunda ýaşlara berilýän dersleriň ugruny kesgitlemek, olaryň maksatnamasyny taýýarlamak meselelerine toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir.