Turkmenportal logo
Düýn 23:03
58175817
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäherde desgalaryň kesgitlenen möhletinde ulanylmaga berilmelidigini belledi  

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow «Arkadag» futbol toparynyň AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazanandygyny habar berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň futbol toparynyň mundan beýläk-de uly ýeňişleri gazanyp, türkmen tuguny belentde parlatjakdygyna ynam bildirip, D.Orazowa futbol toparynyň türgenleriniň arasyna baryp, olaryň armasyny ýetirmegi maslahat berdi.

Iş maslahatynyň barşynda D.Orazow häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, desgalarda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda edilýän tagallalar barada giňişleýin maglumat berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigini we desgalaryň kesgitlenen möhletinde ulanylmaga berilmelidigini belläp, bu barada degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi.

Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän daşary ýurt dillerini öwretmäge ýöriteleşdirilen mekdebiň hojalyk we dolandyryş işleri boýunça degişli maksatnamany taýýarlamak, bilim ojagynyň işiniň sazlaşykly ýola goýulmagynda ähmiýeti bolan düzgünnamany tassyklamak ugrunda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Gahryman Arkadag täze mekdebiň ýaşlaryň dil öwrenmegi we dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagy bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmeginde möhüm orna mynasyp bolmalydygyny belledi.