Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Onuň dowamynda Gahryman Arkadaga täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy teklip edilýän täze mekdebiň, çagalar bagynyň hem-de döwrebap sport toplumynyň şekil taslamalary, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilýän şekil taslamalary we gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri täze mekdebiň şekil taslamalarynyň görnüşleriniň birini kesgitläp, bu binalar toplumynyň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagy, lingafon otaglarynyň we beýleki okuw otaglarynyň halkara görkezijilerine laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini belläp, bu babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi. Şunda dünýäniň ösen tejribesiniň hem-de häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň talabalaýyk ornaşdyrylmagy möhüm wezipe bolup durýar. Şeýle hem bu ýerde ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny nazara alyp, olary kabul etmegiň düzgünlerini hem-de çagalaryň ýaş aýratynlyklaryny kesgitlemek, mekdebiň okuw maksatnamasyny talabalaýyk düzmek babatda degerli maslahatlaryny berdi. Bu ýerde ýaşlaryň zehinini ösdürmek maksady bilen dürli dersleriň işi ýola goýulmalydyr. Bu bolsa mekdepde bilim alýan çagalaryň daşary ýurt dillerini çuňňur özleşdirmekleri bilen bir hatarda göwün söýen hünäriniň eýesi bolmagynda ähmiýetlidir.
Bu ýerde täze mekdebiň daşky haýatynyň ozal berlen tabşyryk esasynda döwrebaplaşdyrylandygy habar berildi. Mekdebiň ýanynda 320 orunlyk çagalar bagynyň bolmagy onda terbiýelenen çagalaryň döwrebaplaşdyrylan mekdepde bilim-terbiýe alyp, ýokary hünärli işgärler bolup ýetişmeklerini üpjün edýän okuw-usulyýet topluma öwrüler. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde ata-eneler üçin zerur mümkinçilikleri özünde jemleýän otagyň döredilmelidigine ünsi çekdi.