2010-njy ýylda Ýewropanyň üstünde howa aragatnaşygynyň işini hatardan çykaran Islandiýadaky Eýýafýadlaýekýudl ýanardagynyň täzeden atylmak howpy golaý döwürde mümkin däl bolsa gerek. Bu barada islandiýaly hünärmenlere salgylanýan «ria.ru» habar berdi.
Islandiýanyň uniwersitetiniň professory Trestur Torsteýnssonuň düşündirişi ýaly, eger ýanardagyň atylmagynyň soňky bir ýarym müňýyllygyny seljerseň, şeýle hadysa 350 ýyldan 500 ýyla çenli möhletde döreýär. Eýýafýadlaýekýudl ýanardagynyň soňky gezek 2010-njy ýylda çogandygyny hasaba alsaň, onuň atylmagyna golaý wagtda garaşyp oturasy iş ýok.
Emma ýanardagyň işjeňligini doly aradan aýyrmak bolmaz. Ady tutulan uniwersitetiň professory Halldour Geýrsson 2025-nji ýylyň tomsunda hünärmenleriň bu ýanardagda kesgitli bir işjeňlik alamatlaryny görendiklerini habar berdi. Alymyň sözlerine görä, Eýýafýadlaýekýudl ýanardagy duýdansyz atylyp biler we bu barada diňe öňüsyrasy duýdurmak mümkin bolar.
Eýýafýadlaýekýudl ýanardagy soňky gezek 2010-njy ýylyň martynda atyldy, oňa çenli ol 200 ýyl töweregi «uklady». Şonda atmosfera taşlanan kül Günbatar Ýewropanyň aglaba böleginiň üstünde howa gatnawyny togtatdy we 100 müňden gowrak uçuş ýatyryldy.