23-nji awgustda Aşgabatda «Roýalyň başyndaky söhbetdeşlikler» atly täze tapgyrdan Wladimir Mkrtumow bilen ilkinji duşuşyk geçiriler. Duşuşygyň temasy: «Ferens List» — taryhdaky ilkinji pop ýyldyz» diýlip atlandyrylýar.
Bu XIX asyryň syrlary, gyzykly wakalary we aýdym-saz dünýäsindäki haýran galdyryjy ýeňişleri barada sazanda tarapyndan gürrüň berilýän janly söhbet bolar. Duşuşykda onuň ýerine ýetirmeginde F. Listiň «Söýgi düýşleri», «Mefisto-wals», «Teselli» we beýleki saz eserlerini diňläp bilersiňiz.

Sazly agşam sagat 15:30-da «Unic» kafe-restoranynda geçiriler. Şeýle hem bu ýere gelen her bir myhmana «Unic» restoranynyň aşpez-konditeriniň ýörite taýýarlan nepis desert toplumyndan sowgat garaşýar.
Ýerleriň sany çäklidir.
Ýerleri sargyt etmek üçin +993 63 508877 telefon belgisine jaň edip bilersiňiz.