Turkmenportal logo
Düýn 14:44
64166416
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gazagystanyň Prezidentiniň aty sosial toruň ýyldyzy boldy
Surat: rg.ru

Sosial torlarda gazagystanly wideoçekiji Dastan Muhamedrahimiň Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň Akjan atly aty bilen bilelikdäki pursatlaryny çap eden wideosy uly gyzyklanma döretdi.

Wideo edilen belliklere görä, Akjan dessine internet-ulanyjylaryň söýgüli atyna öwrüldi. Hakykatdanam, aty gowy görmez ýaly däl, birinjiden, Akjan ahalteke tohumyndan, özem seýrek duşýan izabella-krem reňkli. Şeýle reňk öwüşgini ahalteke bedewleriniň diňe üç göteriminde duşýar.

Akjanyň çapyşyny görüp, tutuş göwresi dür reňkde öwşün atýan ýaly duýgy döredýär. Onsoňam onuň mawy gözleri gözelligine gözellik goşýar.

Akjan Astanada doguldy. Onuň ene-atasy meşhur Ganatly we Tabys. Bedewiň adyny Kasym-Žomart Tokaýew dakdy.