Türkmenistan ýurda giriş nokatlarynda jemgyýetçilik saglygyny goraýyş ulgamyndaky adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygyň we olara garşy çäre görmegiň milli ulgamyny berkitmegi dowam etdirýär diýip, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Türkmenistandaky edarasy habar berdi.
BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de BSGG-niň ýurt boýunça edarasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda şu meselä bagyşlanan mejlis geçirildi. Oňa Döwlet sanitariýa-epidemiologiýa gullugynyň, Goranmak, Oba hojalyk, Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, Döwlet gümrük, migrasiýa we serhet gulluklarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Habarda bellenilişi ýaly, gatnaşyjylar giriş nokatlarynda jemgyýetçilik saglygyny goraýyş ulgamyndaky adatdan daşary ýagdaýlar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasyny maslahatlaşdylar we kämilleşdirdiler, şeýle hem degişli milli mehanizmlerini berkitmegiň gidişine seretdiler. Serhetde şeýle ýagdaýlara ylalaşykly çäre görmek üçin standart operasiýa proseduralaryny işläp taýýarlamaga aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň maksady Halkara lukmançylyk-sanitariýa düzgünnamasynyň (HLSD) talaplaryna laýyklykda giriş nokatlarynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine maslahat we tehniki goldaw bermekden ybarat boldy.
Şeýle-de mejlise BSGG-niň ählumumy we sebitleýin derejedäki hünärmenleri gatnaşdylar. Bellenilişi ýaly, BSGG-niň ştab-kwartirasynyň wekili Sara Barragan giriş nokatlaryna degişli HLSD-niň esasy düzgünleri barada gürrüň berdi, BSGG-niň Ýewropa sebitleýin býurosynyň işgärleri bolsa guramanyň Pandemiýalar boýunça ylalaşygyny tanyşdyrdylar, Ýewropa sebitiniň giriş nokatlaryndaky iş tejribesini beýan etdiler we simulýasiýa türgenleşiklerini geçirmek boýunça maglumatlar toplumyny hödürlediler.
BSGG-de giriş nokatlarynyň mümkinçiliklerini berkitmegiň jemgyýetçilik saglygyny goraýyş ulgamyndaky adatdan daşary ýagdaýlara milli taýýarlygyň wajyp bölegi bolup galýandygyny bellediler we HLSD-ni durmuşa geçirmegiň çäginde Türkmenistana tehniki goldaw bermegi dowam etdirjekdiklerini tassykladylar.