Turkmenportal logo
Şu gün 14:04
42094209
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BMG-niň wekili Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi boýunça başlangyjy barada öz pikirini beýan etdi

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan «Türkmenistan» gazetine beren interwýusynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjyň uly geljeginiň bardygyny belledi.

Onuň sözlerine görä, bu merkez ylmy, syýasaty, maliýe kömegini hem-de innowasiýalary birleşdirýän meýdança öwrülip, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, suw serişdelerini dolandyrmak, gaýtadan dikeldilýän energetika, ekoulgamlary goramak ýaly meselelerde amaly çözgütleri tizleşdirmäge goşant goşup biler.

BMG-niň utgaşdyryjysy, şeýle hem, Birleşen Milletler Guramasy Hazar sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmenistanyň öňbaşçylygyny makullaýandygyny we goldaýandygyny nygtady. BMG-niň wekili ýüzbe-ýüz bolýan çylşyrymly meseleleri haýsydyr bir ýurduň ýekelikde çözmegi mümkin dälidigini aýtdy. 

Onuň bellemegine görä, Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa we Tähran konwensiýasy bu ugurda toparlaýyn hereketler üçin wajyp binýady döredýär. Golaýda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnama hem netijeli hyzmatdaşlygyň güýçli institutlara, umumy borçnamalara, halkara hukugy hormatlamaga baglydygyny ýatladýar. BMG-niň utgaşdyryjysy geçen ýyl Hazaryň türkmen kenarynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleri boýunça tassyklanan we kabul edilen Awaza syýasy Jarnamasynyň, Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň degişli tagallalary amala aşyrmaga ýardam berýändigini belledi.