Turkmenportal logo
Şu gün 13:38
54875487
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Täze Aý»: wagtyň synagyndan geçen tagam, hili we ynam

Önümiň hakykatdanam halanylmagy üçin näme gerek? Birinji gezekden tanalýan tagam, ýokary hil we ýyllaryň dowamynda emele gelýän ynam. Hut şu aýratylyklar eýýäm ýigrimi iki ýyldan gowrak wagtyň dowamynda sarp edijileriň gündelik durmuşynyň bir bölegine öwrülen «Täze Aý» brendiniň taryhyny emele getirýär.

«Täze Aý» kärhanalar topary 2004-nji ýylda birnäçe iri önümçilikleriň birleşdirilmegi netijesinde döredildi. Häzirki wagtda ol döwrebap tehnologiýalary, ussat hünärmenler toparyny we önümleriň giň görnüşlerini özünde jemläp, Türkmenistanyň azyk senagatynyň esasy kärhanalarynyň birine öwrüldi.

Häzirki wagtda kärhana şöhlatlaryň, ýarym taýýar önümleriň, towuk etiniň we ýumurtgalarynyň şeýlede mallar üçin kombinirlenen iýmleriň önümleriniň dürli görnüşlerini öndürýär. Bulardan başga daşary ýurtdan getirilýän gök – miweler hem bar. Önümçilik 1700-den gowrak hünärmeniň zähmet çekýän bäş sany döwrebap sehini özünde jemleýär. Kärhanada alyjylaryň dürli islegleri we zerurlyklary üçin niýetlenen önümleriň 200-e golaý görnüşi öndürilýär.

«Täze Aý» üçin önüm diňe bir onuň tagamy ýa-da daşky görnüşi däl. Kärhanada her bir gaplamanyň aňyrsynda önümçilikden we önümi saklamakdan başlap, söwda nokatlaryna eltip bermäge çenli bitewi gözegçilik ulgamynyň durandygyny nygtaýarlar.

Hili — ynamyň binadydyr

Önümleriň hiliniň we howpsuzlygynyň döwrebap talaplara laýyk bolmagy kärhananyň esasy ýörelgeleriniň biri bolmagynda galýar. Kärhananyň hil dolandyryş ulgamy ISO 9001:2015 halkara standartyna, azyk önümleriniň howpsuzlygyny dolandyrmak ulgamy bolsa ISO 22000:2018 standartyna laýyk gelýär.

Harytlaryň täzeligini üpjün etmäge aýratyn üns berilýär. Munuň üçin kärhana ýöriteleşdirilen sowadyjy ammarlara eýedir, önümleri eltip bermek bolsa sowadyjy enjamlar bilen üpjün edilen ulaglar arkaly amala aşyrylýar. Şeýle çemeleşme tutuş üpjünçilik zynjyrynyň dowamynda zerur bolan temperatura şertlerini saklamaga mümkinçilik berýär.

Halal önümleri öndürmek önümçiligiň aýratyn bir ugrudyr. Önümçilik prosesleri we önümler «Halalworld» International Commerce Development Organization halkara guramasy tarapyndan berlen Halal sertifikatynyň talaplaryna laýyklykda gözegçilikde saklanýar.

Önümçiligiň howpsuzlygy degişli sanitariýa we weterinariýa resminamalary bilen hem tassyklanylýar.

Şeýle hem kompaniýa halkara sergilere işjeň gatnaşyp, şeýle meýdançalarda önümlerini tanyşdyrmak, täze hyzmatdaşlary gözlemek we işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek üçin ulanýar.

«Biziň kärhanamyz önümleriň görnüşlerini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak ugrunda yzygiderli iş alyp barýar, bu bolsa bize içerki we daşky bazarlarda bäsdeşlige ukyply bolup galmaga mümkinçilik berýär» diýip, kärhananyň ýolbaşçylygynda bellenilýär.

Diňe önüm däl

Häzirki wagtda alyjy diňe bir tekjedäki harydy saýlamaýar. Önümiň gelip çykyşy, howpsuzlygy, hiliniň durnuklylygy we adaty önümiň bellenilen talaplara laýyk gelýändigi baradaky ynam hem möhüm bolup durýar.

Hut şonuň üçin hem «Täze Aý» alyjy bilen gatnaşyklary aýratyn bir önüm arkaly däl-de, brende bolan ynam bilen ýola goýmaga çalyşýar. Tagam, terlik, howpsuzlyk we giň saýlaw mümkinçiligi bitewi alyjylar tejribesiniň bir bölegine öwrülýär.

Kärhana üçin bu önümçiligi yzygiderli ösdürmegi, önümleriň görnüşlerini giňeltmegi we standartlary kämilleşdirmegi aňladýar. Alyjy üçin bolsa — aňyrsynda köp ýyllyk tejribe, döwrebap tehnologiýalar we hile bolan üns duran önümleri saýlamaga mümkinçilikdir.

Bu günki gün «Täze Aý» — bu diňe bir önüm däl. Bu öwrenişilen tagam, standarta öwrülýän hili we ýyllaryň dowamynda kemala gelýän ynamdyr.