Turkmenportal logo
Şu gün 13:07
49004900
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen agyr atletikaçysy Rahmanow Aziýanyň ýetginjekler çempionatynda silkip götermekde bürünç medal gazandy

Türkmenistanyň ýygyndysynyň agyr atletikaçysy Galkan Rahmanow Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilýän 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda silkip götermekde üçünji orny eýeledi.

85 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden türkmen türgeni silkip götermekde 155 kilogram agramy galdyryp, üçünji netijäni görkezdi. Iki görnüşiň jemi boýunça bolsa ol 342 kilogram netije bilen bäşinji orny eýeledi.

Ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty Daşkentde sebitiň 29 ýurdundan 300-den gowrak türgeniň gatnaşmagynda geçirilýär. Ýaryşlar 14-nji awgusta çenli dowam eder. Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) düzgünlerine laýyklykda, türgenler bir wagtyň özünde iki ýaş derejesinde — Youth (17 ýaşa çenli) we Junior (20 ýaşa çenli) derejelerde çykyş edip bilýärler.

Türkmenistanyň ýygyndysy bu ýaryşda 16 türgen — ýedi oglan we dokuz gyz bilen wekilçilik edýär.