Turkmenportal logo
Düýn 11:55
68736873
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hazar gaplaňy ýabany tebigata goýberildi
Surat: gazeta.ru

Gazagystanyň «Ile-Balhaş» döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde hazar gaplaňy baş sanyny köpeltmek üçin ýabany tebigata goýberildi. Bu barada Gazagystanyň Ekologiýa we tebigy gorlar ministrligine salgylanýan «The Guardian» habar berdi.

Mundan 70 ýyldan köp wagt öň ýurduň çäginde hazar gaplaňy ýitip ýok bolupdy. Ýabany pişigiň tebigata goýberilmegi olaryň taryhy mekanyna dolanyp getirilmegi we baş sanyny köpeltmek boýunça maksatnamanyň birinji tapgyry boldy.

Genetiki ylmy barlaglar Merkezi Aziýada hem-de Gündogar Sibirde ýaşan kaspiý we amur gaplaňlarynyň hakykatda birmeňzeşdigini görkezdi. Olar aw we sanynyň azalmagy bilen baglylykda, XX asyryň başynda aýrybaşgalaşan bolmaly. Hazar ýa-da kaspi gaplaňy amur gaplaňyndan genetiki kodunda diňe bir harp arkaly tapawutlanypdyr.