Turkmenportal logo
Şu gün 11:55
37963796
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
"Belet" platformasynyň muşdaklary «Möý-adam» filminiň täze bölümine tomaşa edip bilerler

"Belet" platformasy öz kitaphanasyna Tom Hollandyň baş keşbi janlandyrýan franşizasynyň dördünji bölümini — «Möý-adam: Täze gün» (Spider-Man: Brand New Day) filmini goşdy. Film 2026-njy ýylyň 31-nji iýulynda dünýä prokatyna çykdy. Filmiň režissýory Destin Daniel Kretton.

Filmiň wakalaryna görä, Doktor Strenjiň jadyly dogasynyň netijesinde töweregindäkileriň ählisiniň ýadyndan supergahrymanyň ýüz örtüginiň aňyrsynda Piter Parkeriň bardygy baradaky maglumatlar öçýär. Ýalňyz galan gahryman Nýu-Ýork şäherini jenaýatçylardan ýeke özi goramagyny dowam etdirýär. Şol bir wagtyň özünde, ol öz bedeninde bolup geçýän düşündirip bolmaýan üýtgeşmeler we başarnyklarynyň tebigaty bilen bagly täsin ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Birnäçe wakany derňemek bolsa ony birbada iki ugurda hereket etmäge mejbur edýär: şäheri goramak we öz-özüne gözegçiligi elden bermezlik. Bu ýagdaýlaryň dowamynda onuň ýoly Jeza beriji bilen hem, Halk bilen hem kesişýär.

Filmde Tom Holland, Zendeýa, Jon Berntal, Mark Ruffalo, Sedi Sink, Jeýkob Batalon we beýleki aktýorlar surata düşdüler.

"Belet" platformasynda filmi HD hilinde rus dilindäki iki sesli terjime bilen tomaşa etmäge elýeterlidir.