Turkmenportal logo
Şu gün 11:40
41184118
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň açylyşyna taýýarlyk görülýär

Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. «Türkmenportalyň» habarçysynyň maglumatyna görä, ýokary okuw mekdebine degişli Görogly köçesiniň ugrundaky ýerlerde bagy-bossanlyk we abadanlaşdyryş işleri alnyp barylýar.

Toplum 5 müň talyba niýetlenip, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilýär. Institutynyň binalaryndan daşary, gurluşyk wagtynda elektrik, gaz we suw üpjünçiligi, aragatnaşyk we lagym ulgamlaryny täzelemek hem-de olary şäheriň umumy ulgamyna birikdirmek göz öňünde tutuldy.

Täze ýokary okuw mekdebi «Eks Baza» ýaşaýyş toplumynyň ýanynda ýerleşer. Geçen ýyl şol bir köçede Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti açylypdy, şonuň üçin häzirki wagtda Görogly köçesi paýtagtyň bilim merkezlerinden birine öwrülýär.

Binagärlik-gurluşyk institutynyň gurluşygy 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda başlapdy. Okuw jaýynyň açylyş dabarasy 1-nji sentýabrda meýilleşdirilýär.