BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80/295 belgili «2028-nji ýyl — Halkara hukugynyň ýyly» atly kararnamasy Birleşen Milletler Guramasynyň ähli alty resmi dilinde resmi taýdan çap edildi. Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen bu resminama «Parahatçylyk medeniýeti» atly gün tertibiniň 14-nji maddasy boýunça ýerleşdirildi. Onuň doly teksti bilen BMG-niň internet sahypasynda tanşyp bolýar. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy habar berýär.
Habar-da bellenilişi ýaly, kararnamanyň ähli resmi dillerde çap edilmegi onuň Baş Assambleýa tarapyndan kabul edilmeginden soň resminamany resmileşdirmek işiniň tamamlanandygyny görkezýär hem-de resminamanyň gurama agza döwletleriň arasynda giňden ýaýradylmagyny üpjün edýär.
Kararnama 2028-nji ýyly Halkara hukuk ýyly diýip yglan edýär. Resminamanyň giriş bölüminde halkara hukugynyň we BMG-niň Tertipnamasynyň parahatçylygy, howpsuzlygy we döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary üpjün etmekde esasy orny eýeleýändigi, şeýle hem bu ugurda bilim bermegiň, mümkinçilikleri ösdürmegiň we tehniki kömegiň, ilkinji nobatda ösüp barýan, iň pes ösen we deňze çykalgasy bolmadyk döwletler, şeýle hem kiçi ada döwletleri üçin ähmiýetiniň uludygy nygtalýar. Halkara hukugyny giňden wagyz etmekde BMG-niň halkara hukugyny okatmak we öwrenmek boýunça kömek maksatnamasynyň, degişli seminaranyň, BMG-niň audiowizual materiallar kitaphanasynyň hem-de Hukuk meseleleri boýunça müdirligiň ýöriteleşdirilen neşirleriniň goşýan goşandy hem aýratyn bellenilýär.
Baş Assambleýa agza döwletleri, BMG ulgamynyň düzümindäki edaralary we beýleki gyzyklanýan taraplary Halkara hukugynyň ýylyny bilim beriş başlangyçlaryny, mümkinçilikleri ösdürmek we jemgyýetçiligiň habarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleri geçirmek arkaly bellemegi çagyrdy. Assambleýa aýratyn bir bentde Türkmenistanyň 2028-nji ýylyň dekabrynda Halkara hukugy boýunça Ählumymy forumy geçirmek baradaky niýetini makullady.
Resminamada şeýle hem döwletlere halkara hukugyna we BMG-niň Tertipnamasyna, şol sanda onda berkidilen maksatlara we ýörelgelere hormaty pugtalandyrmak çagyryşy beýan edilýär. Şeýle hem bu ugurda BMG-niň hereket edýän başlangyçlaryny meýletin gatançlaryň hasabyna mundan beýläk-de goldamagy dowam etdirmek maslahat berilýär. Karara laýyklykda tematik ýylyň geçirilmegi bilen bagly ähli çykdajylar hem şol meýletin gatançlaryň hasabyna maliýeleşdirilmelidir.
Mundan başga-da, Assambleýa ýylyň çäginde geçiriljek çärelere giňden gatnaşylmagyny, şol sanda zenanlaryň we ýaşlaryň işjeň çekilmegini goldady. Şeýle hem halkara hukugyna elýeterliligi giňeltmek maksady bilen sanly platformalardan, bilim tehnologiýalaryndan we köp dilli çeşmelerden has işjeň peýdalanmaga çagyrdy.
BMG-niň Baş sekretaryna kararnamany ähli agza döwletleriň, BMG-niň ulgamynyň guramalarynyň, beýleki halkara we sebit düzümleriniň, şeýle hem raýat jemgyýetiniň, hususy pudagyň we ylmy jemgyýetçiligiň dykgatyna ýetirmek tabşyryldy.