Turkmenportal logo
13.08.2026
71737173
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lebap sement zawodynyň önümçiligi 33,5 göterim artdy

2026-njy ýylyň geçen ýedi aýynda Lebap sement zawodynda 1 million 126 müň tonna sement öndürildi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, geçen ýylyň degişli döwründe bu görkeziji 843,3 müň tonna bolupdy. Diýmek, bir ýylyň dowamynda sement önümçiligi 282,7 müň tonna ýa-da 33,5 göterim artdy. Sement önümçiliginiň artmagy gurluşyk toplumynyň zerur çig mal binýadynyň giňelýändigini hem aňladýar.

Öň ýyllyk önümçilik kuwwaty 1 million tonna deň bolan kärhananyň häzirki mümkinçilikleri 2 million tonna ýetirildi.