Turkmenportal logo
Düýn 11:06
54005400
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Toyota» konserniniň öňki başlygy Hiroşi Okuda aradan çykdy
Surat: gazeta.ru

«Toyota» awtokonserniniň öňki ýolbaşçysy Kiroşi Okuda 94 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Kyodo News» milli agentligi «Toyota Motor Corporation» kompaniýasynyň resmi beýanatyna salgylanyp habar berdi.

«Toyota çarşenbe güni merhumyň jesediniň ýerleniş dessurynyň şahsy tertipde geçiriljekdigini hem-de maşgala agzalarynyň haýyşy esasynda çäklendiriljekdigini, köpçülikleýin matam ýa-da beýleki hatyra däbiniň geçirilmeginiň heniz kesgitlenmändigini habar berdi» diýlip, habarda bellenýär.

Okuda konserne 1995-nji ýyldan 2006-njy ýyla çenli ýolbaşçylyk etdi we tas otuz ýyllap esaslandyryjylaryň maşgalasyna degişli bolmadyk ilkinji ýolbaşçy boldy. Ol konserni eksporta uly urgy eden milli puluň berkeýän döwründe kabul etdi. Ýaponiýadan garaşlylygy peseltmek üçin Okuda daşary ýurtlarda – ABŞ-da, Ýewropada hem-de Aziýada zawodlary gurdy. Bu iş ugry «Toyota»-nyň önümçiligini iki esse artdyrmaga we milli brendlikden ählumumy derejeli konsern bolmaga mümkinçilik berdi. Okudanyň ýolbaşçylyk eden döwründe awtoulaglaryň dünýä satuwlary 70 göterime golaý artdy, 2009-njy ýylda bolsa, ol dünýäde iri awtoulag öndüriji hökmünde «General Motors» konserninden hem öňe saýlandy.

Okudanyň iň esasy gazanan üstünligi 1997-nji ýylda bazara çykaran «Toyota Prius» kysymly dünýäde ilkinji köpçülikleýin öndürilen gibrid ulagdyr.