Turkmenportal logo
Şu gün 14:46
17621762
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Arkadagyň» goragçysy Mämmedow: ýakynlaryň berýän goldawy meýdançada hemişe duýulýar

«Arkadag» futbol klubynyň goragçysy Ibragim Mämmedow metbugat ýygnagynda çykyş edip, AFK-2 Çempionlar ligasynyň deslapky tapgyrynda Hindistanyň «Goa» toparyna garşy geçiriljek öňümizdäki duşuşykda janköýerleriň we ýakynlarynyň münberden berýän goldawynyň oňa goşmaça güýç berýändigini aýtdy.

«Hawa, elbetde, maşgalam stadionda bolar, bu meniň üçin örän möhüm. Münberde ýakynlaryňy we ezizleriňi göreniňde, bu goşmaça güýç we höwes berýär. Olary gowy oýun we, elbetde, ýeňiş bilen begendiresiň gelýär. Ýakynlaryň berýän goldawy meýdançada hemişe duýulýar» — diýip, 30 ýaşly futbolçy aýtdy.

Mämmedow toparyň duşuşyga ýokary ruhubelentlik bilen taýýarlanandygyny we doly taýýarlyk geçendigini belledi. «Toparyň ýagdaýy gowy, ähli oglanlar geljekki duşuşyga taýýar. Diýseň jogapkärçilikli taýýarlyk gördük, meýilleşdiren ähli zatlarymyzy işledik. Bu ýaryşda mümkin boldugyça has uzaga gitmek we mynasyp futbol görkezmek isleýäris» — diýip, Mämmedow aýtdy.

«Arkadag» bilen «Goa» klublarynyň duşuşygy 12-nji awgustda «Arkadag» stadionynda geçiriler. Duşuşyk ýerli wagt bilen sagat 20:00-da başlanar, giriş mugt.  Duşuşykda ýeňiş gazanan topar AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar. Ýeňlen topar bolsa halkara möwsümini AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda dowam etdirer.

Duşuşygyň göni ýaýlymy Türkmenistanda «Belet» onlaýn platformasy arkaly görkeziler.