Turkmenportal logo
Şu gün 12:18
58425842
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa 86 ýaşady

Türkmenistanyň Gahrymany, halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, ussat şahyr Gözel Şagulyýewa 86 ýaşady. Uzak ýyllaryň dowamynda köp sanly goşgulardyr poemalar kitaplaryny okyjylara ýetiren görnükli söz ussadyna, meşhur şahyra geljekde hem täze döredijilik üstünliklerini we uzak ömür  arzuw edýäris.

Döwrüň waspçysy, halkyň söýgüli şahyry G.Şagulyýewa 1940-njy ýylyň 11-nji awgustynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Miras geňeşliginde gullukçynyň maşgalasynda dünýä inýär. Onuň ilkinji goşgulary heniz 11 ýaşyndaka mekdebiň diwar gazetinde çykýar. Edebiýata bolan höwesi ony Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň dil we edebiýat bölümine getirip, ony üstünlikli tamamlamagyna ýardam edýär.

Edebiýat ýolunda ilkinji goşgulary meşhur türkmen şahyry Gurbannazar Ezizowyň ak pata bermegi bilen şol wagtky zenanlar žurnalynda çap edilýär. 1971-nji ýylda «Elbukjam» atly ilkinji goşgular ýygyndysy neşir edilýär, soňra rus dilinde «Men — garagumly» atly kitaby okyjylara gowuşýar. Onuň «Uzaklarda nazarym», «Söýgi mukamy», «Dymmaň, daglar!», «Ak gülleriň – ak ýolum», «Dünýäň özem gözellige aşykdyr», «Göwün otyr Aý içinde»,  «Gezdim şygryň dünýäsinde» ýaly ençeme kitaby okyjylar tarapyndan oňat garşylandy. Ussat zenan şahyryň goşgulary rus, gyrgyz, gazak, belarus, gruzin, özbek, täjik we beýleki birnäçe dillere-de terjime edildi. Şeýle hem köp sanly goşgudyr poemalaryny öz içine alýan «Türki dünýäsinde zenan we söz» atly goşgular kitaby TÜRKSOÝ tarapyndan 85 ýaş ýubileýi mynasybetli 2025-nji ýylda neşir edildi.

Zähmet ýoly metbugat ulgamy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan şahyr 1965 - 1971-nji ýyllarda Mary şäherindäki 6-njy orta mekdepde mugallym, 1971 – 1982-nji ýyllarda Mary welaýatynyň welaýat gazetinde habarçy, uly habarçy, bölüm müdiri bolup işleýär. 1982-nji ýyldan häzirki güne çenli bolsa «Edebiýat we sungat» gazetinde zähmet çekýär.