Turkmenportal logo
12.08.2026
1041510415
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ABŞ-da 100 töweregi tokaý ýangyny hasaba alyndy
Surat: gazeta.ru

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda 100-e golaý tokaý ýangyny dowam edýär. Bu bolsa. tutuş ýurtda ýangyn söndüriş gulluklaryna çynlakaý agram salýar diýip, NBC teleýaýlymy habar berdi. «30 400-den gowrak ýangyn söndüriji ABŞ-daky 94 sany uly tokaý ýangynyna garşy göreşýär» diýlip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Ýangynlaryň köp bölegi Ýuwaş ummanyň demirgazyk-günbatarynda jemlenýär, ol ýerde eýýäm 1,5 mln gektar tokaý ýandy, bu Konnektikut ştatynyň meýdanyndan hem uludyr. Mundan öň Waşington ştatynyň gündogarynda 600 töweregi ýaşaýyş öýüni, kärhanalarydyr beýleki binalary tokaý ýangynlarynyň ýok edendigi habar berlipdi.