Turkmenportal logo
Şu gün 10:56
41954195
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýanyň hemişelik wekili: GDA-nyň Tertipnamasyna gol çekmek baradaky karar türkmen tarapyna degişli bolup galýar

Diplomatyň sözlerine görä, Türkmenistan öz garaşsyz bähbitlerinden ugur alyp, GDA-nyň işine gatnaşýar we şu ýyl gurama başlyklyk edýär. Türkmenistan 1991-nji ýylyň 8-nji dekabryndaky GDA-ny döretmek baradaky Ylalaşykdan hem-de oňa 1991-nji ýylyň 21-nji dekabrynda kabul edilen Teswirnamadan gelip çykýan borçnamalary öz üstüne aldy.

Lukaşewiç Türkmenistanyň Arkalaşygyň Tertipnamasyna gol çekmeginiň oňyn ädim boljakdygyny belledi. Şol bir wagtyň özünde, şeýle karary kabul etmegiň halkara hukugynyň subýekti hökmünde her bir döwletiň özygtyýarly hukugyna degişlidigini nygtady.

Diplomat GDA-da gatnaşmagyň modeliniň çeýeligine hem ünsi çekdi. Onuň sözlerine görä, bu çeýelik döwletlere hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryna bolan öz gyzyklanmalaryndan ugur alyp, gurama bilen özara gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berýär.

Şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy bellenilýär. 2025-nji ýylyň jemlerine görä, GDA boýunça jemi içerki önüm 2 göterim artdy. Guramanyň ähli agza döwletlerinde ykdysady ösüş hasaba alyndy.