Turkmenportal logo
Şu gün 10:39
41694169
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ruzbehani: Tähran Hazar konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň ýedinji maslahatyny kabul etmäge taýýardyr

12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň halkara güni mynasybetli maslahat öz işine başlady. Çärä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, daşky gurşawy goramak ministri Öwezgeldi Goşjanow, Hazar deňzi institutynyň direktory, Türkmenistanyň Hazar deňzi meseleleri boýunça ýörite wekili Myrat Atajanow, şeýle hem ilçiler, diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň wekilleri gatnaşýarlar.

Maslahatda çykyş eden Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani gatnaşyjylary baýramçylyk bilen gutlady. Ol mundan takyk ýigrimi ýyl ozal bäş Hazarýaka döwletiň Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak, ony geljek nesiller üçin aýawly saklamak maksady bilen ylalaşyga gol çekendigini ýatlatdy.

Ilçi geçen ýigrimi ýylyň dowamynda Hazarýaka döwletleriň diňe bir ekologik ugurda däl-de, eýsem howpsuzlyk, deňziň hukuk derejesi, balykçylyk, deňiz gatnawlary, ykdysady hyzmatdaşlyk, şeýle hem guramaçylykly jenaýatçylyga we terrorçylyga garşy göreşmek meselelerinde hem hyzmatdaşlygy ösdürendigini belledi. Şol bir wagtyň özünde, birnäçe meseläniň henizem gepleşikleriň gün tertibinde galýandygyny, hususan-da, Tähran konwensiýasynyň sekretariatyny döretmek we Hazar deňzinde göni başlangyç çyzyklary kesgitlemek meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny aýtdy. Neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we brakonýerçilige garşy göreş, ylmy hyzmatdaşlyk, ekologik maglumatlary alyşmak hem-de harby ulgamda özara ynamy berkitmek boýunça maslahatlaşmalar hem dowam edýär.

Ruzbehani Eýranyň 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Tähran şäherinde Tähran konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň ýedinji maslahatyny kabul etmäge taýýardygyny habar berdi. Onuň sözlerine görä, bu çärä taýýarlyk işleri konwensiýanyň Ženewadaky wagtlaýyn sekretariaty we beýleki gatnaşyjy döwletler bilen bilelikde alnyp barylýar.

Çykyşda Hazar deňzindäki suwuň derejesiniň peselmegi meselesine hem aýratyn üns berildi. Ilçiniň sözlerine görä, bu ýagdaý soňky on ýylyň dowamynda gözegçilik edilýär. Ol Eýranyň Hazarýaka döwletleriň bu hadysa garşy bilelikdäki başlangyçlaryny, şol sanda döwletleriň arasynda maglumatlary dessin alyşmak ulgamyny döretmek baradaky teklipleri goldaýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, diplomat Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hazar deňziniň daşky gurşawynyň meseleleri boýunça ýörite sammit geçirmek baradaky başlangyjyna ýokary baha berdi.

Sebitiň howpsuzlygy barada aýtmak bilen, ilçi howpsuzlygyň bölünmez häsiýete eýedigini we onuň ähli Hazarýaka döwletleriň bähbitlerine degişlidigini nygtady. Ol soňky wakalaryň dowamynda Eýranyň Hazar deňziniň kenaryndaky şäherleriniň we portlarynyň, şeýle hem Russiýanyň kenarynda Eýrana degişli söwda gämisiniň hüjümlere sezewar bolandygyny habar berdi we geljekde şeýle wakalaryň öňüni almak boýunça Hazarýaka döwletleri bitewi garaýşa eýermäge çagyrdy.

Çykyşynyň ahyrynda ilçi maslahatyň guralandygy we myhmansöýerlik görkezilendigi üçin türkmen tarapyna — Daşky gurşawy goramak ministrligine, Daşary işler ministrligine we Hazar deňzi institutyna minnetdarlyk bildirdi.