2026-njy ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda 190 müňden gowrak türkmenistanly jahankeşde Özbegistana syýahat etdi. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komiteti habar berdi.
Hasabat döwründe Türkmenistanyň raýatlarynyň 192 müň 830 sanysy goňşy ýurda syýahat etdi. Şeýlelikde, Türkmenistan bu ugurda ýedinji basgançagy eýeledi.
Sanawyň deslapky bäşliginde Gyrgyz Respublikasynyň (2 million 177 müň), Gazagystanyň (1 million 855 müň), Täjigistanyň (1 million 728 müň), Russiýanyň (710,8 müň) we Owganystanyň (281,2 müň) ady bar. Türkmenistanyň öňýanyndaky altynjy ýeri bolsa 269,7 müň syýahatçy bilen Hytaý eýeläpdir.
Umuman alnanda, şu ýylyň 7 aýynda 7 million 749,3 müň sany daşary ýurtly syýahatçy Özbegistana barypdyr. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 22.6 göterim köpdür.