Turkmenportal logo
12.08.2026
77787778
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Fransiýanyň köp ýerinde suwa çäklendirme girizildi
Surat: belta.by

Fransiýanyň Hökümeti suwdan peýdalanmaga çäklendirmäniň ýurduň çäginiň 70 göteriminde girizilendigini habar berdi. Bu barada AFP agentligine salgylanýan TASS ýazýar.

Ýagny ýurduň 67 departamentinde suwuň ýetmezçiligi bilen baglylykda, iň ýokary howplulyk derejesi yglan edildi, ýene 21-sinde has ýokary howsalaly dereje hereket edýär.

Häzirki şertlerde suwy geregiçe peýdalanmak diňe saglygy goraýyş, raýat howpsuzlygy, agyz suw üpjünçiligi we arassaçylyk maksatlary boýunça ulanylyp bilner. Howsalalygyň ýokary derejesinde baglary we ýaşyl meýdançalary suwarmaga, howuzlary doldurmaga hem-de awtoulaglary ýuwmaga, oba hojalyk ekinlerini suwlulandyrmaga çäklendirme girizilýär.

Ekologik geçiş ministri Monik Barbýu 27-nji iýulda ýurduň 47 departamentinde agyz suwy bilen bagly kynçylyklar barada habar berdi. Onuň sözlerine görä, suw geçirijileriň suwunyň kesilmeginden eýýäm kommunalaryň 80-sinde 30 müňden gowrak adam ejir çekýär. Şonuň üçin olara agyz suwuny awtoçeleklerde we çüýşelerde eltmeli boldy.