Türkmenistanda «Ykdysatçylar üçin iňlis dili» («English for Economists») okuw kitaby çap edildi. Okuw kitaby awtorlary: A.Sätgeldiýewa, G.Hallyýew tarapyndan çapa taýýarlanylyp, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edildi. Kitap, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ykdysadyýet fakultetleriniň talyplary, şeýle hem iňlis dilinde işewürlik we ykdysadyýetiň esaslary bilen gyzyklanýanlar üçin niýetlenendir.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, okuw kitaby dürli ykdysady temalara bagyşlanan 13 bölümden ybarat. Her bölüm ýöriteleşdirilen söz baýlygyny öwrenmäge we berkitmäge gönükdirilen türgenleşikleri öz içine alýar. Tekstler talyplara okuw materialyna düşünişini barlamaga we täze öwrenilen sözleri amaly taýdan ulanmaga mümkinçilik berýän dürli ýumuşlar bilen utgaşdyrylýar. Mundan başga-da, neşirde tankydy pikirlenmäni we kommunikatiw başarnyklary ösdürmäge gönükdirilen okatmagyň häzirki zaman usullary, şol sanda ýagdaýlary modelirlemek, keşpler boýunça oýunlar we amaly ýagdaýlaryň seljermesi ulanylýar.
Talyplaryň özbaşdak işlemegine hem aýratyn üns berilýär. Bu bolsa olara özlerini gyzyklandyrýan temalary has çuňňur öwrenmäge mümkinçilik berýär. Okuw kitaby ykdysady bilimleri giňeltmäge we geljekki hünär işinde zerur bolan professional dil başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir.