«Belet» platformasy aýdym-saz ussatlarynyň arasynda geçirilýän täze «Tarap» atly bäsleşik gepleşigini tomaşaçylara hödürledi.
«Bir sahna, iki tarap, bir ýeňiji» diýen şygar bilen geçirilýän bu aýdym-saz bäsleşiginde iki sany ussat aýdymçy bir sahnada özara bäsleşýärler. Bäsleşik 5 şertden ybarat bolup, her şertde aýdymçylar öz zehinini, sesini we aýdym aýtmak ussatlygyny görkezýärler.
Bäsleşikde eminler ýok, ýeňiji tomaşaçylaryň sesi kesgitleýär. Tomaşaçylar «Belet» platformasyna girip, meşhur aýdymçylaryň çykyşlaryna tomaşa edip bilerler we gowy gören aýdymçylaryna «Siziň sesiňiz» bölüminde öz seslerini berip bilerler.


«Tarap» atly gepleşigiň ilkinji sanynda Jahan bagşy we Ybraýym Nyýazmyradow bäsleşer.