Turkmenportal logo
11.08.2026
1154011540
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aktýor Kristofer Lambert ýadygärlik ýazgy paýlaýarka huşundan gitdi
Surat: rbc.ru

Nusgawy «Dagly» filminiň ýyldyzy Kristofer Lambert Amerikanyň Pittsburg şäherinde geçen festiwalda özünden gitdi diýip, «TMZ» portaly habar berdi.

Waka şaýat bolanlaryň sözlerine görä, 69 ýaşly aktýor «Steel City Con» festiwalynda ýadygärlik ýazgy paýlaýarka, huşuny ýitirdi. Ony dessine «tiz kömek» alyp gitdi. Aktýoryň wekili onuň ýagdaýynyň gowudygyny we myhmanhanada dynç alýandygyny neşire habar berdi. Ol Lambertiň özünden gitmegini çäräniň öňüsyrasy az uklandygy, kem iýip-içendigi, netijede ganynyň düzüminde şekeriň peselendigi bilen düşündirdi.

Aktýor «Dagly» filminde (1986) Konner Maklaudyň keşbi arkaly meşhurlyk gazandy.