Turkmenportal logo
Şu gün 15:20
15191519
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Arkadagyň» hüjümçisi Didar Durdyýew «Goa» bilen duşuşyga ýokary derejede taýýarlykly gelýär

«Arkadag» futbol klubynyň hüjümçisi Didar Durdyýew AFK-2 Çempionlar ligasynyň deslapky tapgyrynda Hindistanyň «Goa» futbol klubyna garşy geçiriljek duşuşyga ýokary derejede taýýarlykly gelýär. Geçen hepde futbolçy «Merw» bilen geçirilen duşuşykda gol geçirip, bombardirleriň bäsleşigindäki öňdebaryjylygyny has-da berkitdi. Häzirki wagtda onuň hasabynda 13 gol bar we ol Türkmenistanyň çempionatynyň iň netijeli hüjümçileriň sanawynda ýeke-täk lider bolup durýar. Ikinji orunda «Ahalyň» hüjümçisi Süleýman Mirzoýew barýar — onuň hasabynda 8 gol bar.

Durdyýew 15-nji tapgyrda toparynyň uly hasaply ýeňşine öz goşandyny goşdy. «Arkadag» paýtagtyň «Nusaý» stadionynda «Merwi» 7:0 hasabynda ýeňdi. Ýeňijileriň düzüminde Durdyýew 40-njy minutda gol geçirdi. Mundan başga-da, Şamämmet Hydyrow (35-nji minutda), iki gol geçiren Meýlis Diniýew (62-nji we 66-njy minutlarda), Baýram Ataýew (77-nji minutda), Arzuwguly Sapargulyýew (82-nji minutda) hem-de Yhlas Toýjanow (87-nji minutda) tapawutlandylar.

Tapgyryň başga duşuşygynda «Ahal» paýtagtyň «Köpetdag» toparyndan 3:0 hasabynda üstün çykdy. Bu duşuşyk hem «Nusaý» stadionynda geçirildi. Süleýman Mirzoýew iki gezek — 11-nji we 16-njy minutlarda gol geçirdi. Duşuşygyň ahyrky hasabyny 82-nji minutda Ýakupmuhammet Gowşudow kesgitledi.

Paýtagtyň «Altyn Asyr» bilen «Aşgabat» toparlarynyň arasyndaky oýunda ýer eýeleri 2:1 hasabynda ýeňiş gazandylar. Myhmanlar 15-nji minutda Agageldi Täçmämmedowyň geçiren goly bilen hasaby açdylar. Emma «Altyn Asyr» 53-nji minutda Röwşen Halmyradowyň geçiren goly bilen hasaby deňledi we 90-njy minutda Zafer Babajanowyň goly bilen ýeňiş gazandy.

Tapgyryň ýeke-täk deňme-deň netijesi Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde geçirilen duşuşykda hasaba alyndy: «Şagadam» bilen «Nebitçi» 1:1 hasabynda deňme-deň oýnadylar. «Şagadam» arakesmeden çykan dessine — 46-njy minutda Serdar Gulyýewiň goly bilen öňe saýlandy. «Nebitçi» bolsa goşmaça wagtda — 90+3-nji minutda Serdar Tukiýewiň goly bilen hasaby deňledi. Şondan soň «Nebitçi» bir oýunçysyny ýitirdi: Muhammet Annaýew meýdançadan çykaryldy.

15-nji tapgyryň netijeleri boýunça «Arkadag» çempionatdaky liderligini ynamly dowam etdirýär. Topar yzly-yzyna 15 ýeňiş gazanyp, mümkin bolan iň ýokary görkeziji — 45 utuk toplady. Ikinji orunda 33 utuk bilen «Ahal», üçünji orunda bolsa 32 utuk bilen «Altyn Asyr» barýar. Dördünji we bäşinji orunlary «Merw» bilen «Nebitçi» paýlaşýar — olaryň hersinde 14 utuk bar. «Şagadam» 13 utuk bilen altynjy orunda ýerleşýär.

12-nji awgustda «Arkadag» AFK-2 Çempionlar ligasynyň deslapky tapgyrynyň çäklerinde öz meýdançasynda Hindistanyň «Goa» toparyny kabul eder. Duşuşyk ýerli wagt bilen 20:00-da başlanar we «Arkadag» stadionynda geçiriler. Duşuşyga giriş mugt.

Ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, duşuşykda ýeňiş gazanan topar AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar. Ýeňlen topar bolsa halkara möwsümini AFK Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda dowam etdirer.