Türkiýäniň restoranlary nyrhlaryň gymmatlamagy hem-de ýokary hümmetsizlenme bilen baglylykda, içi rekord derejede az etli döneri müşderilere hödürläp başladylar, onda etiň bary-ýogy 40 gramy bar diýip, «RIA Nowosti» habar berdi.
Adaty türk dönerinde 100 gram et ýa-da towuk eti bolýardy. Stambulyň restoranlary 2024-nji ýyldan bäri onuň ölçegini müşderileriň satyn alyş ukybynyň peselmegi bilen baglylykda, 90 ýa-da 75 grama çenli azaltdylar.
Netijede, bu tomusda meşhur fastfud torlary «ekobaget» diýen at bilen (tygşytly diýen manyda) düzüminde 40 gram bolan dönerleri taýýarlap başlady. Onuň ýany bilen içgi we az möçberde gowrulan ýeralma äberilýär. Onuň bahasy 155 lira, 50 gramlyk döner bolsa, 230 lira deňdir.
100 gramlyk towuk etli dönerler fastfud-restoranlarda 350 liradan hödürlenilýär, ýany içgisiz we ýeralmasyz şol agramdaky goýun ýa-da sygyr etli dönerleriň nyrhy 450 liradan başlanýar. Meşhur şypahana etraplaryndaky ýokary derejeli garbanyşhanalarda şeýle tagamyň bahasy 700-900 lira deň bolup bilýär diýlip, habarda bellenýär.