Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynda okyjylara döwrebap hyzmat etmek maksady bilen, kitaphana täze innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilýär we onuň kitap hazynasyny elektron görnüşine doly geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Häzir kitaplaryň elektron görnüşlerini giňden ýaýradyp, jemagat kitaphanalarynda, ylmy kitaphanalarda elektron kitaplaryň bitewi ulgamyny döretmek işi netijeli dowam etdirilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, merkezde zähmet çekýän hünärmenler kitaphananyň hazynasyndaky seýrek duşýan gymmatly kitaplaryň nusgalaryny skanirleýärler. Bu bolsa ol eserleri okyjylara islendik wagtda okamaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem bu ylym ojagy ýeke-täk ylmy-bibliografik merkez bolmak bilen, ýurtda kitapşynaslyk, bibliografiýaşynaslyk we kitaphanaşynaslyk meseleleri boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýar.
Netijede, ylmyň derwaýys meselelerine degişli retrospektiw, şahsy we tematiki bibliografik görkezijileri düzmek we neşir etmek işi dowam etdirilýär.
Merkezi ylmy kitaphananyň hazynasy özünde ýurduň çäklerinde we daşary ýurtlarda neşir edilýän Türkmenistanyň taryhyna, medeniýetine, özboluşly aýratynlyklaryna degişli dürli dillerdäki seýrek duş gelýän we gymmatly kitaplary, golýazmalarydyr dissertasiýalary hem jemleýär.