Bäherden etrap çeper halyçylyk kärhanasynda 2026-njy ýylyň geçen ýedi aýynda 3 million 936 müň 122 manatlyk iş edildi. Şeýlelikde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu babatda 108,3 göterim ösüş depgini gazanyldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Degişli döwürde kärhanada buýurmalar esasynda dürli ölçegdäki ajaýyp halylardyr sowgatlyk halyçalaryň ençemesi dokaldy. Olaryň arasynda behişdi ahalteke bedewiniň keşbi şekillendirilen owadan halyny, şeýle-de 2,98 inedördül metrlik üýtgeşik ak reňkli tegelek halyny agzamak bolar.
Habarda bellenilişi ýaly, halypa halyçylaryň ýolbaşçylygynda dokalan 91 inedördül metrlik nepis gölli gözel haly bolsa, çeper elli halyçylaryň ýurduň Garaşsyzlyk baýramyna özboluşly sowgadydyr.