Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Halk Maslahatynyň Diwanyndan Aşgabadyň Halkara howa menziline bardy hem-de bu ýerden iş sapary bilen Mary welaýatyna ugrady. Howa menzilinden türkmen halkynyň Milli Liderini resmi adamlar ugratdylar.
Birnäçe wagtdan Gurbanguly Berdimuhamedow Mary şäheriniň Halkara howa menziline bardy. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini Mary welaýatynyň häkimi mähirli garşylady.